Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmekde, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilen häzirki zaman ulgamy kemala getirildi.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilendigi bilen baglanyşykly habary eşidip, göwün guşumyz ganatlandy. Bu şatlykly habar gadymy şäheriň — Änewiň şan-şöhratynyň alyslara dolýandygynyň alamatydyr.
Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Hasyl toýy giňden toýlandy. Bereket-bolçulygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň toý dabaralary welaýatymyzda şatlyk-şowhuna beslendi.
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýurdumyzyň çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.