Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BELENTDE ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri, olaryň dünýä derejesinde döwrebap bilim almaklary mähriban Arkadagymyzyň öňde goýýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini çagalaryň dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin durmuşa geçirilýän işler aýdyň görkezýär.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam etdi. Dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň arasynda geçirilen dürli sport ýaryşlary ýatdan çykmajak şatlykly wakalar bolup olaryň ýüreklerine siňdi.

surata düşüren M.Akmammedowsurata düşüren M.Akmammedow

Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan bilelikde guralan döredijilik bäsleşigi hem şeýle täsirli çäreleriň biri boldy. «Çeper eller» diýen at bilen geçirilen bäsleşikde çagalar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara we bäsleşige gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň çäklerinde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň öz elleri bilen ýasan zatlarynyň sergisi hem gu­ral­dy. Oňa çagalaryň şekilleri ýasamak, surat çekmek we el işleriniň görnüşleri boýunça ýe rine ýe tiren işleri gatnaşdyryldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça geçiren tejribe-tanyşlyk çäresi hem çagalaryň döredijilik bäsleşigine aýratyn öwüşgin çaýdy. Çagalar olaryň bäsleşige hödürlän işlerine uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Bäsleşige gatnaşan çagalar özleri üçin döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýt­dy­lar.

 

Taýýarlan Jeren ATAÝEWA, ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.