Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ TÄZE TAPGYRY: YLMY SELJERMELER. MÖHÜM TEKLIPLER. DEMOKRATIK BAŞLANGYÇLAR

Öňňin, 29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde badalga berlen konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynda alnyp barylýan işler we olaryň netijeleri hakynda taýýarlanan çykyşlary okyjylara ýetirýäris.

 

Gur­ban­gül ATA­ÝE­WA,

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň

Mil­li mer­ke­zi­niň, Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň

Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy:

 

— Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde onuň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak arkaly, hil taýdan täze, iki palataly Parlamenti döretmek barada başlangyjy öňe sürdi. Milli Liderimiziň bu başlangyjy halk tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli meseleler çözülende, türkmen halkynyň maslahata ýa-da ge­ňeşe ýygnanyp, ykbal kesgitleýji çözgütleri kabul edendigi barada aýdanlary we dünýäniň köp ýurtlarynyň toplan tejribesini göz öňünde tutup, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de milli Parlamenti­ň iki palataly ulgama geçmegi hakynda aýdanlary hemmämiz üçin ýolgörkezijidir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýan, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary ata Watanymyzyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has ygtybarly bolmagyna ýardam eder.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Konstitusion toparyň üçünji mejlisi geçirildi we onda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion Kanuny­ň taslamasyna seredildi. Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýanyň döwletiň hukuk binýadyny emele getirýändigini, ýurduň konstitusion gurluşynyň esaslarynyň, adamyň we raýatyň esasy hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de borçlarynyň resmi beýany bolup çykyş edýändigini nygtaýar. Ol ýurduň iň ýokary hukuk namasydyr. Milli Liderimiz Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion Kanuny­ň taslamasyny metbugatda çap etmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirmek barada hem-de bu Kanun taslamasy boýunça raýatlardan, zähmetkeşlerden, edara-kärhanalardan we guramalardan gelýän belliklerdir teklipleri hemmetaraplaýyn öwrenip, Konstitusion Kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlap, ony Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda seretmek barada belledi.

Esasy Kanunda giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar ony has-da kämilleşdirip, döwrü­ň ygtybarly hukuk binýadyny pugtalandyrar. Bu özgertmeler dürli ulgamlarda hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde we döwrebaplaşdyrylmagynda esasy orny eýeleýär. Milli Liderimiziň hukuk özgertmeleri ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak, pugtalandyrmak, ykdysady kuwwatyny düýpli ýokarlandyrmak, jemgyýetimizi jebisleşdirmek, raýatlaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda täze mümkinçilikleri, giň ýollary açýar.

Milli kanun çykaryjy edaranyň işiniň iki palataly ulgama geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen esas goýujy ýörelgesine laýyklykda, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän konstitusion kadalary mundan beýläk-de gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ýardam berer. Konstitusiýa girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmeler we goşmaçalar ýurduň häzirki zaman taryhynyň görnükli resminamasy bolmak bilen, demokratik ýol bilen mundan beýläkki ösüşiň, kämil raýat jemgyýetini kemala getirmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň mizemez binýady boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.