Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«DAÝANÇ» SAGALDYŞ MERKEZINDE «ZÄHMET JOŞÝAR BITARAPLYK MEKANDA» ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-31-i aralygynda «Zähmet joşýar Bitaraplyk mekanda» atly okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan okuw maslahata ýurdumyzyň ähli ýerinden nebitgaz pudagynyň işgärleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan anyk wezipelerinden we berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, raýatlaryň zähmet hukuklaryny goramak, olaryň medeniýetli dynç almagy üçin işleri guramak babatda ýadawsyz işleri alyp barýarlar. Şonuň ýaly-da, bu ugurda işleri guramaçylykly alyp barmak, edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işlerine usuly kömekleri bermek boýunça hem yzygiderli işler geçirilýär.

surata düşüren B.Ak

 

Okuw maslahatyň dowamynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başda durmagynda ýurdumyzyň Nebitgaz senagatyny ösdürmek babatynda kabul edilen Milli Maksatnamalar bilen giňişleýin tanyşdyrmak we olary durmuşa geçirmekde KA-nyň ilkinji guramalarynyň öňünde durýan wezipeleri, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda köpçülikleýin şertnamalary baglanyşmak we olaryň ýerine ýetirilişi, zähmet gatnaşyklary we zähmetkeşleriň zähmetiniň goragyna bolan hukuklary, Türkmenistanyň zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada giňişleýin çykyşlar gurnaldy.

Okuw maslahatyň dowamy sagaldyş merkeziniň çäginde dürli aýdym-sazly tomaşalara utgaşdy. Medeniýet öýündäki aýdym-sazly şowhunly konsertde Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat işgärleri öz ussatlygyny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren milli we estrada aýdym-sazlarynda döwrümiziň waspy öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriniň, eziz Diýarymyzyň joşgunly waspy çykyşlarda eriş-argaç bolup geçdi. Okuw maslahatyň çäklerinde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň hem guralandygyny bellemek gerek.

Giň göwrümli sport çärelerine hem gyzyklanma has ýokary boldy. Okuw maslahatyna gatnaşanlar her gün säher bilen Hazaryň kenarynda sport maşklaryny ýerine ýetirdiler. Maslahatyň dowam edýän günlerinde, onuň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça guralan syýahat ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Gysga döwrüň dowamynda kemala gelen Hazaryň kenarynyň gözelliklerini katerde gezelenç etmek bilen has ýakyndan synlan ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Maslahata gatnaşanlar bagtyýar durmuşy peşgeş beren, halkymyzyň saglygy barada bimöçber tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.