Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SPORT — SAGDYNLYK

Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi bilen bilelikde esgerleriň we Bäherden etrap sport mekdebiniň türgenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygyny hem-de sport ýaryşlaryny geçirdi. Duşuşykda Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Mansurmuhammet Ataýew, sport mekdebiniň tälimçi mugallymlary Nurly Tagandurdyýew, Söýenç Gulgeldiýew, Bäşim Tatow, Atamyrat Geldiýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň, Sambo boýunça Dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu halkara sport ýaryşlary Türkmenistanyň halkara abraýyny hasda belende göterer. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de goldamak we ösdürmek, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, etrabyň sport mekdebinde sportuň stol tennisi we kiçi futbol görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Bäsleşiklerde ýeňiş gazanan toparlara we türgenlere Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Hurmagül GARAMÄMMEDOWA, Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.