Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖKDELER ÖŇE SAÝLANDY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramaklarynda Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçy oglanlarynyň arasynda sportuň basketbol 3x3 görnüşi boýunça şäheriň birinjiligi ugrundaky ýaryş geçirildi.

Ýokary taýýarlyk ýagdaýynda gyzykly geçen bäsleşikde şäherdäki 7-nji orta mekdebiň basketbolçy oglanlary Elbrus Lazarow, Marat Nakubow, Kudrat Işçanow dagy özleriniň erjelligi hem-de çalasynlygy bilen has-datapawutlandylar. Şeýlelikde, bu topar ähli bäsdeşlerinden üstün çykyp, birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýeri 28-nji orta mekdebiň, üçünji ýeri hem 1-nji orta mekdebiň basketbolçylar toparlary eýelemegi başardylar.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňiş gazanan toparlar «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

 

Altynjemal SAPAROWA, Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň işgärler boýunça hünärmen

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.