Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“EKOLOGIÝA WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ÄHLIUMUMY WEZIPE” ATLY YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany“ ýyly mynasybetli şeýle hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak bilen baglanyşykly gelip çykýan wezipelere bagyşlanan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ähliumumy wezipe” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
 

Tebigaty goramagyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini bellemeli. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp ähmiýetli bolup durýar. Milli Liderimiz daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Ähli giň möçberli milli durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum taslamalary adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr.

Ekologiýa pudagy ýaly möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we giňeldilmegini, şeýle hem iri halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýär. Tebigaty goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyz BMG-niň biologiýa köpdürlüligi hakyndaky, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de netijeli peýdalanmak boýunça tebigaty goraýyş konwensiýalaryny tassyklady. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistan howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyna gol çekdi.

 

surata düşüren

Şeýle hem ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny bellemeli. Olaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek baradaky Sebitara merkeziniň açylmagy, BMG-niň Araly halas etmek boýunça, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny goramak, sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça Ýörite maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagy munuň aýdyň mysalydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesindäki onlarça ekologiýa maksatnamalary, taslamalary durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady jemgyýetiň we daşky gurşawyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň her bir sebitiniň tebigy-howa aýratynlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa resminamalarynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmagy bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa ugrundaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň möçberli işi netijesinde ekologiýa meselesine uly üns berilýär. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini “gök zolaklar” büreýär. Munuň özi howanyň amatly bolmagyna, ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýerlerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Şu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak bilen baglanyşykly gelip çykýan wezipelere bagyşlanan “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ähliumumy wezipe” atly maslahaty Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa açyp, onda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň müdiri Akmyrat Atamyradow, Çöller we haýwanat dünýäsi milli institutynyň uly ylmy işgäri Aky Ýaraşow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk kafedrasynyň uly mugallymy Çarygeldi Babanyýazow, Çöller we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy taslama bölüminiň müdiri Nury Atamyradow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Ogulgerek Kössekowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Berdimyrat Rozyýew çykyş etdiler. 

 

Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi.   

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.