Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“KONSTITUSION ÖZGERTMELER-ÖSÜŞLERE BADALGA” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň  edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň, Miras Teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Konstitusion özgertmeler-ösüşlere badalga” atly tegelek stoluň başynda gepleşigi geçirildi.

 

Gepleşigi Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Meýlis Ataýew alyp bardy. Onda Türkmen Döwlet Binagärlik institutynyň senagat ekologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbagt Orazdurdyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  weterinariýa lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Saparmyrat Annamuhammedow, Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Güljan Hojalyýewa, Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebiniň müdiri  Aýjemal Nepesowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Jeren Öwezowa dagy tegelek stoluň başynda söhbetdeş boldular.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Ogulnar Baýramowa

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.