Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“DEMOKRATIK ÖZGERTMELER KÄMILLEŞÝÄR” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany“ ýyly mynasybetli şeýle hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň  mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Demokratik özgertmeler kämilleşýär” atly maslahaty  geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Ataýewa Gurbangül Kakalyýewna açyp, onda Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri, ýuridik ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy Hajarbibi Handurdyýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory Nowruz Amanow, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň başlygy, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Gözel Orazowa, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Halk maslahatynyň agzasy, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Nurjemal Bekowa çykyş etdiler.

 

Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi.  

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.