Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZYKLY GEÇEN ÝARYŞ

Golaýda, hyzmat ulgamy we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleri bu ulgamlaryň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda güýçli we başarjaň türgenleri ýüze çykarmak, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdiler. Bu ýaryş «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» atly şygar bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň giň woleýbol eýwanynda geçirildi. Bu ulgamlarda zähmet çekýän höwesjeň türgenleriň arasynda geçen oýunlar gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Oýunlaryň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerinden düzülen topar 1-nji orna, hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri bolsa, 2-nji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijileri hyzmat ulgamy we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleri tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

Gurban GURBANOW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.