Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KESBINDEN KEMAL TAPAN ZENAN

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň iň bir wajyp pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň oba-senagat toplumyny ösdürmekde döwlet tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş – ýaşaýyş şertlerini özgertmekde kabul edilen Milli maksatnamasyna” laýyklykda oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýyl-ýyldan özgerýär. Etraplaryň daýhan birleşiklerinde halal zähmet çekip bereketli ene toprakdan kemal tapan durmuşynyň esasy bölegini daýhançylyga bagyş edip, öz kärende ýerlerinden ýurdumyzda ak altyna deňelýän gowaçadan, saçaklarymyzyň mele myssyk nany bolan bugdaýdan ýylyň-ýylyna has ýokary netijeler gazanýan kärendeçi zenanlar hem joşgunly zähmet çekýärler. Şeýle zenanlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Üzümçilik daýhan birleşiginiň kärendeçi zenany kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Tüýliýewa Oguljerendir.

surata düşüren

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary “Miras” teleýaýlymynyň “Zenan kalby” atly söhbetli görnüşindäki telegepleşik taýýarlaýan döredijilik topary bilen bilelikde Oguljeren daýzanyň ýaşaýan obasyna baryp onuň geçen zähmet ýoluny, gazanan üstünliklerini, agzybir maşgala agzalaryny halal zähmete ugrukdyrmakda, daýhançylygyň inçe syrlaryny öwretmekde beýik nusgalyk işlerini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen myhmançylykda bolduk. Oguljeren daýza şol söhbetdeşligiň dowamynda özüniň 35 ýyl bäri daýhançylyk bilen zähmet çekip gelmek bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip tejribe toplap olardan has ýokary hasyl almaklygyň  esasy syrynyň, ene topragy ýürekden söýüp, oňa düşünip, yhlas bilen çemeleşmelidigini nygtap-nygtap belläp geçdi. Gahryman arkadagymyzyň “Tebigaty söýmek, ene topragy söýmek – bu eziz Diýaryňy, mähriban Watanyňy söýmekdir! Watana bolan söýgi biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşydyr!” diýen pähimli sözlerini maksat edinip Oguljeren daýza  ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde özüniň 20 ga. kärende ýerinden diňe bir pagtadyr, bugdaý ýaly oba hojalyk ekinlerinden ýokary görkezijiler bilen hasyl almakdan başgada Garagumyň çölünde, kärende ýeriniň töwereklerinde, ýollaryň gyralarynda sazaklary emeli usulda ekmekde, köpeltmekde hem-de süýşýän çägeleri tokaýlaşdyrmakda, çägeleriň süýşmeginiň öňüni almakda gamyşdan, samandan mehaniki goraglary ýasamakda köp işleri bitirip ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak syýasatyna, ýurdumyzy bagy-bossançylyga öwürmeklige hem saldamly goşant goşýar. 

 

Berdimyrat Rozyýew, Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.