Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“KÄMIL KANUN - HALKYŇ HUKUK GORAGYNDA” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň  mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň bilelikde guramagynda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda “Kämil Kanun - halkyň hukuk goragynda” atly maslahaty geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Arzygül Durdyýewa açyp, onda TKAMM-yň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş hukuk gözegçisi, Konstitusion toparyň ýanyndaky işçi toparyň agzasy Myrat Atabaýew, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy, Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşulular geňeşiniň agzasy Ogulnabat Owlakowa, “Watan” radioýaýlymynyň habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjy - Orazgül Öräýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Bejeriş we abadanlaşdyryş müdirliginiň hukukçysy Durdygylyç Babageldiýew,  Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň Berkararlyk etrap ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň hukukçysy Oguljeren Mämmedowa,  Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň Büzmeýin etrap ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň hukukçysy Rahat Baýnazarow çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.   

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.