Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ZÄHMETI GORAMAK WE TEHNIKI HOWPSUZLYGYNY-ÜPJÜN ETMEK SAGLYGYMYZYŇ KEPILI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň  mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda “Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyny-üpjün etmek saglygymyzyň kepili” atly maslahaty geçirildi.

 

Maslahaty Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Arzygül Durdyýewa açyp, onda Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň 3-nji bölümçesiniň başlygy Maksat Myradow,  “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň uly döwlet inspektory Çary Berdimyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Annamyrat Ýollyýew, “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy bölüminiň başlygy Myrat Atajanow, Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenbaşy dokma toplumynyň zähmeti goramak bölümçesiniň başlygy Taýly Öwezow çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.