Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Zähmet joşýar Bitaraplygyň mekanynda» diýen at bilen okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan okuw maslahatyna nebitgaz pudagynyň işgärleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek babatda kabul edilen Milli Maksatnamalar bilen giňişleýin tanyşdyrmakda we olary durmuşa geçirmekde kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň öňünde durýan wezipeler, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanlarynda köpçülikleýin şertnamalary baglaşmak we olaryň ýerine ýetirilişi, zähmet gatnaşyklary we zähmetkeşleriň zähmetiniň goragyna bolan hukuklary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Okuw maslahatynyň dowamy sagaldyş merkeziniň çäginde dürli aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdy. Medeniýet öýündäki aýdym-sazly, şowhunly konsertde Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat işgärleri öz ussatlygyny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren milli we estrada aýdym-sazlarynda döwrümiziň waspy öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriniň, eziz Diýarymyzyň joşgunly waspy çykyşlarda şöhlelendi. Okuw maslahatynyň çäklerinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.

Giň göwrümli sport çärelerine hem gyzyklanma ýokary boldy. Okuw maslahatyna gatnaşanlar her gün säher bilen Hazaryň kenarynda sport maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Maslahatyň dowam edýän günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça guralan syýahat ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi.

Maslahata gatnaşanlar halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Şemşat SETDAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.