Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHUBELENTLIGE BESLENEN DABARA

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilen dabarany TDP-niň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap Geňeşi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Dabarada ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, taryhy ähmiýetli wakalary dogrusynda ýürek joşduryjy sözler aýdyldy, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanyljak üstümizdäki ýyly ähli ugurlar babatda üstünliklere beslemekde her bir raýatyň saldamly goşandynyň bolmalydygy barada bellenilip geçildi. Çykyş edenler 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan eden hormatly Prezidentimiziň başyny başlan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyga beslenmegi bilen bagly ýürek buýsançly sözlerini aýtdylar.

Medeniýet, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, talyp ýaşlaryň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň, çeper höwesjeňleriniň çykyşlary dabara ruhubelentlik goşdy. Belent owazly joşgunly aýdym-sazlar täze taryhy döwrümizde milli aýdym-saz sungatymyzyň barha belent derejä çykýandygy bilen baglanyşykly hakykaty äşgär görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, bu gün aýdym-saz sungatymyzyň ösüşine aýratyn üns berilmek bilen, döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we sazandalaryň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär, giň iş we durmuş şertleri döredilýär. Bu bolsa ussat ýerine ýetirijileriň, aýdymçydyr sazandalaryň kalbyny joşa getirýär, döredijilik ylhamyna ylham goşýar, olary täze-täze aýdym-sazlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlamaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigini şanly ýyl mynasybetli geçirilen bu dabaradaky joşgunly çykyşlar hem aýdyňlygy bilen ýüze çykardy. Bitarap Watanymyzyň, bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, milli Liderimiziň dünýä ýaň salýan döwletli tutumlarynyň, taryhy başlangyçlarynyň waspy bolup ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar millilige ýugrulan tanslar bilen özara sazlaşygy emele getirip, ildeşlerimiziň göwnüne ganat berdi. Çykyşlaryň her biri bagtyýar ildeşlerimiz tarapyndan şowhunly el çarpmalar bilen garşylandy.

 

Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.