Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MUZEÝE SYÝAHAT

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň ýörite meýilnamalary esasynda welaýatyň çägindäki taryhy ýadygärliklere we muzeýlere syýahat guralýar. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilýän şeýle çärelere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, şäher-etrap birleşmeleriniň, ilkinji guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary uly höwes bilen gatnaşýar. Ýakynda Änew şäherinde ýerleşýän Milli “Ak bugdaý” muzeýine guralan syýahat hem munuň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň işgärleri muzeý zallaryna aýlanyp gördüler. Muzeýiň hünärmenleri baý medeni mirasymyzy wagyz etmekde, muzeýde saklanýan maglumatlar we gymmatlyklar bilen ol ýere gelýänleri ýakyndan tanyşdyrmakda alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler, şeýle-de muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetine degişli ilkinji gurallary, galla orýan oraklary, däne üwemek üçin niýetlenen soky we degirmen daşlaryny, dänäni we beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen uly humlary, çakmak daşlary hem-de beýleki onlarça gymmatlyklary synlamak, şeýle-de olar hakdaky maglumatlar diýseň gyzykly boldy. Öý hojalygynda ulanylan dürli möçberdäki gap-gaçlar,mundan bäş müň ýyl ozal Änew düzlüginde ýetişdirilen ak bugdaý däneleri uly gyzyklanma döretdi. Gazuw işleriniň, ylmy-barlaglaryň netijesinde tapylan bu bugdaý däneleri muzeýiň naýbaşy gymmatlyklarydyr. “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki taryhy ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklaryň onlarçasynyň muzeýiň ýörite bölümlerinde görkezilmegi ünsi has-da özüne çekýär.

Muzeýe guralan syýahat ýakymly duýgulary döredip, baý geçmiş-taryhymyza bolan buýsanjy artdyrdy.

 

Meretmuhammet REJEBOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.