Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HOŞ HABARYŇ ŞATLYGY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2019-njy ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatynda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji etrap hökmünde yglan edilendigi diňe bir etrabyň däl, eýsem welaýatymyzyň ähli agzybir halkynyň buýsanjyny goşalandyran şatlykly waka boldy. Bu şatlykly wakanyň şanyna gazetimiziň habarçysy etrabyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Baýrammuhammet ÖWEZGELDIÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy:

— Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň obalaryny, şäherçelerini we şäherlerini ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň göwrümli işleri durmuşa geçirýär. Şeýle işleriň ajaýyp miwelerini berýändigine etrabymyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirip gelýäris. Etrabymyzda bilim ulgamynda ajaýyp guwandyryjy işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap orta mekdepleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy bilen, ýaşlarymyz bilimleri çuňňur özleşdirýär, bilim işgärleri döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle bolansoň, etrabymyzyň mekdep okuwçylary geçen ýylda taslama we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler, döredijilik bäsleşiklerinde bolsa, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Geçen ýylda etrabymyzyň merkezi Gökdepe şäherinde 600 orunlyk orta mekdebiniň açylmagy, etrabymyzyň çäginde gurulýan täze obalarda orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyna girişilmegi hem bilim ulgamynyň rowaçly ösüşlere eýe bolýandygynyň alamatydyr.

Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine teleýaýlym arkaly tomaşa edenimizde, etrabymyzyň 2019-njy ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatynda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji etrap hökmünde yglan edilendigini eşidip, diýseň begendik. Bu üstünlikde bilim işgärleriniň hem goşandy bardyr. Biz — bilim işgärleri üçin döredilýän ähli mümkinçiliklerden ruhlanyp, hormatly Prezidentimiziň aladalaryna mynasyp zähmetimiz bilen jogap berip, bilimli, hünärli, sagdyn ruhly, berk bedenli nesli terbiýeläp, ýetişdirmekde has-da döredijilikli zähmet çekeris.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.