Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EŞRETLI ÝAŞAÝŞYŇ BINÝADY

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylan 2019-njy ýylda Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak, Konstitusion topary döretmek boýunça meselelere garaldy. Bu başlangyjyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de şundan ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybaratdyr.

Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda wajyp meseleleri öz içine alýar, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagy esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri boýunça tekliplere, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak we ýurdumyzyň ösüşiniň özygtyýarlylygy bilen bagly beýleki meseleler Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna girizildi.

Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň birinji mejlisi 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirildi. Şol mejlisde Konstitusion toparyň iş meýilnamasy tassyklandy hem-de onuň agzalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy.

Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň 2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle-de ýerli häkimýet edaralaryndan gelip gowşan teklipleri we pikirleri jemlemek hem deslapdan seljermek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny belledi. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Konstitusion topara gelip gowşan teklipler bilen baglylykda we iki palataly Parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, döwlet Baştutanymyz Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyrmagyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň 56 adamdan ybarat bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede — 8 adamyň Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanylmalydygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz baý durmuş tejribesi bolan hem-de döwlet we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly raýatlaryň arasyndan bu düzüme 8 agzanyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýändigi görkezilse, dogry boljakdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň ygtyýarlygy 5 ýyl bolan möhlete saýlanyp we bellenip bilner diýlip Esasy Kanunymyzyň taslamasynda görkezilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň sany we ygtyýarlyk möhletleri barada konstitusion kadalaryň ozalkysy ýaly galdyrylmagynyň dogry boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem ýurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna şol bir adamyň şol bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasyna hem saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi barada kadany girizmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ýolbaşçylaryny saýlamak bilen bagly düzgünlere laýyklykda, Halk Maslahatynyň öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygy, onuň orunbasary saýlanýar, komitetleri we toparlary düzülýär. Mejlis hem öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri adamyň hukuklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adam hukuklarynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen döwrebap kadalaryň özenini düzýär. Çünki adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalar Esasy Kanunymyzda giňden beýan edilýär.

Häzirki wagtda döwletimiziň hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary hormatly Prezidentimiziň kanun çykaryjy edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça öňlerinde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde, döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, şonuň ýaly-da döwlet syýasatyny halkyň arasynda giňden wagyz etmekde geljekdede yhlasly zähmet çekerler.

Mähriban Diýarymyzyň her bir künjegi günsaýyn ösýär, özgerýär. Türkmenistanyň Medeniýet, sport syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi zähmet köpçüliklerinde her bir güni şan-şöhrata beslenýän halkymyzyň has-da eşretli ertiri üçin Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli işleri ýaýmak, ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmekde konstituson kanunçylygy kämilleşdirmegiň zerurdygyny wagyz-ündew etmek işlerini yzygiderli alyp barar.

 

Ene MÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.