Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT ÝYGNAGY

Golaýda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça amala aşyrylan işleriň netijelerine bagyşlanyp, Köneürgenç etrap, şäher toparynyň maslahaty geçirildi.

Etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdy. «Mähriban döwletimiziň Baş Kanunyny öwrenmek, wagyz etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr» atly şygar astynda geçirilen maslahatyň dowamynda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow, şäher komitetiniň hünärmeni Seýitjan Haýtjanow, TAP-niň etrap komitetiniň başlygy Oraz Arazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Mahmut Ýazow, Köneürgenç şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni Nurgözel Pälwanowa dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň milli ýol-ýörelgelerimize, halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigi, milli hukuk ulgamynyň röwşen geljegi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

 

Maksat MAHMUDOW, Köneürgenç etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.