Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HÜNÄR BÄSLEŞIGINIŇ WELAÝAT TAPGYRY

ÖŇ­ŇIN Gökdepe etrabyndaky pagta egriji fabriginde “Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşigiň etrap tapgyrlary welaýatymyzda ýokary guramaçylykly we gyzykly geçdi. Şol tapgyrlar el hünärine ussat gelin-gyzlaryny öňe saýlady we olara welaýat derejesindäki bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Şol gün pagta egriji fabrigiň mejlisler jaýy köp adamly boldy. Dokmaçy zenanlaryň hünär başarnygyny synlamaga welaýatymyzyň dürli ýerinden bagtyýar gelin-gyzlar ýygnandy. Olar, ilki bilen, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Sahnada etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar döwrümiziň bagtyýarlyk mukamlary bolup, ýaňlandy. Şol çykyşlar astynda ol ýerde görkezilen el işleriniň we dokma önümleriniň sergisini synlamak hem özüne çekiji we täsirli boldy.

surata dusuren

Gyzykly tomaşalardan soň, alyp baryjy ýygnananlary bäsleşige gatnaşyjylar we degişli şertler bilen tanyşdyrdy hem-de bäsdeş gelingyzlara üstünlik arzuw etdi. Şeýlelikde, “Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary” atly bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertleri esasynda hünär ukyp-başarnygyny görkezdiler.Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guralan we “Gadymy nagyşlaryň syrlary”, “Sungatym bar — hormatym bar”, “Kesbi-kärim nesillere görelde” atly şertler boýunça geçirilen bäsleşige dokmaçy gelin-gyzlar oňat taýýarlyklar bilen gelendigini çykyşlarynyň üsti bilen aýdyň subut etdiler. Dokmaçy zenanlaryň milli lybaslaryň, olara salynýan nagyşlaryň gadymylygy we nagyşlara siňen syrlaryň taryhy baradaky gürrüňleri, täze taryhy döwrümizde döreden el işleriniň özboluşlylygyny, reňk sazlaşygyny we keşdelerini wasp edip, ýerine ýetiren goşgularydyr aýdymlary, şeýle-de kürte, tahýa ýaly milli geýimleri, ýaka nagşyny ýerine ýetirmek boýunça ussatlygy uly täsirleri döretdi.

Gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urpadatlarymyza goýýan sarpasyny, söýgüsini görkezmek, olaryň milli lybaslarymyzy bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny ýüze çykarmak, şeýlede ýaş gyzlarda türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, milli lybaslarymyza bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik hakyky hünär ussatlaryny ýüze çykardy. Onda Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginiň göneldiji enjamynyň operatory Maral Gylyçmyradowa, Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumynyň tikinçisi Jennet Agageldiýewa, Kaka etrabyndaky “Serdar” pamyk egriji fabriginiň tikin enjamynyň operatory Gülşat Allagulyýewa dagy degişlilikde baýrakly orunlara mynasyp bolup, döwlet derejesindäki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

 

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.