Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HUKUGYŇ WE ERKINLIGIŇ GORAGY

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda adam mertebesi iň ýokary derejede goralýar. Ösen döwletleriň hukuk ýörelgeleri bilen halkymyzyň baý taryhy ýolunda toplan tejribelerini utgaşdyryp, döwür bilen aýakdaş gadam basmak, ýurdumyzyň şu günki ýaşaýşynyň we ertirki ösüşleriniň binýadyny berkitmek «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň durmuşda mynasyp amal edilmegidir.

Hormatly Prezidentimiz 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu topar 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgüt esasynda döredilipdi. Şonda döwlet Baştutanymyz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny yglan edipdi.

Täze tapgyrda halkymyza ir döwürlerden bäri mahsus bolan halk bilen, halkyň ykbalynyň rowaçlygy bilen bagly işleri amala aşyrýan abraýly wekilleri bilen maslahatlaşmak, geňeşmek, gurultaý geçirmek ýaly milli dessurlarynyň dowamy bolan Halk Maslahatynyň işini dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp kämilleşdirmekden ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmek zerurlygy barada aýdylypdy. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, Konstitusion topar döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde Konstitusion toparyň ýerine ýetiren işleri bilen tanyşmakdan we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine çenli tapgyrlaýyn ýerine ýetirilmeli işleri aýdyňlaşdyrmakdan ybarat boldy. Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary hem diňledi. Amala aşyrylan anyk işlere baha berdi. Ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle-de ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek hem deslapdan seljermek boýunça alnyp barlan netijeli işler öwrenildi. Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen geçirildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisde amala aşyrylýan bu işleriň netijesinde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ha­kyn­da» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny we toparyň şol günki mejlisinde ady agzalan Konstitusion kanunyň deslapky taslamasyna seretmegiň teklip edilýändigini aýtdy.

Mejlisde Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde mähriban Arkadagymyzyň eden çuň manyly çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek hem-de düşündirmek, şonuň ýaly hem gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça meýilnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilendigi, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, obadyr şäherlerde jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ylmy edaralaryň we okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda, köp sanly maslahatlar, duşuşyklar hemde beýleki çäreler geçirilip, şol çärelere ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ýedi ýüz müňden gowragy gatnaşdy, onda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri hem giňden peýdalanylandygy aýdyldy.

Ýurdumyzda döwletiň adam hakda aladalarynyň barha kämilleşdirilmeginiň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri üstünliklere beslensin!

 

Maksatmyrat JUMAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.