Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ELLERI DÜR, ÝÜZLERI NUR GÖZELLER

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her güni ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Gazanylýan rowaçly ösüşlerde bolsa ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň zähmetsöýer işgärleriniň-de mynasyp paýy bar. Hemişelik Bitaraplygymyzy has-da dabaralandyrmak, ýaşlaryň millilik we watançylyk duýgularyny galkyndyrmak, döredijilik höwesini artdyrmak we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaňy-ýakynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyna bagyşlanyp Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma senagaty ulgamynda zähmet çekýän dokmaçy gyzlaryň 9-sy gatnaşdy. Olar öz aralarynda bäsleşigiň «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Sungatym bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» ýaly şertleri boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede Türkmenabadyň tikin fabriginiň tikinçisi Göwher Narlyýewa birinji, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň dokmaçysy Jemal Hudaýnazarowa ikinji, Türkmenabat pamyk egriji fabriginiň hünärmeni Orazjemal Wepaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Birinji orna mynasyp bolan zenan bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşigiň dowamynda Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlary çärä gatnaşyjylara şirin aýdym-sazlary bilen hezil berdiler. Dokma önümleriniň ajaýyp sergisi bolsa baýramçylyk bäsleşigine gatnaşan ildeşlerimizde ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Jennet RAIMBAÝEWA.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.