Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞLI ERTIRLERIMIZE BADALGA

Öňem bir akyl­dar­dan ösüş­li sep­git­le­re ýetme­giň sy­ry­ny so­ran­la­ryn­da, «Her bir iş­de öňe git­mek, ösüş­li sep­git­le­re ýet­mek üçin kä­te yzy­ňy­za na­zar aý­laň, bi­ti­ren iş­le­ri­ňi­zi se­riňiz­de sal­dar­lap, ge­çen ýo­lu­ňy­zyň üs­tün­lik­li hem-de säw­lik­li pur­sat­la­ry­ny öw­ren­jek bo­luň. Şon­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ňiz­den ruh­la­nyp, ýol be­ren säw­lik­le­ri­ňi­zi dü­zet­se­ňiz, ýet­me­jek sep­gi­di­ňiz bol­maz» di­ýip­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 7-nji few­ral­da ge­çi­ren Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­leýin mej­li­si­ne te­le­ýaý­lym ar­ka­ly syn edip otur­şyma bi­yg­ty­ýar ýo­kar­ky jüm­le­ler se­ri­me dol­dy. Çün­ki in­di her tä­ze ýy­lyň il­kin­ji aý­la­ryn­da ta­mam­la­nan ýyl­da edi­len iş­le­re tö­we­rek­le­ýin sel­jer­me ber­mek, dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň jem­le­ri­ni jem­le­mek, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da döw­let durmu­şy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan il-ýurt bäh­bit­li wa­jyp we­zi­pe­le­ri kes­git­le­mek, ýol­baş­çy­la­ry bi­ti­ren iş­le­rine la­ýyk ba­ha­lan­dyr­mak asyl­ly däp bo­lup dur­mu­şy­my­za or­naş­dy. Mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze be­lent sar­pa goý­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ge­çi­len ýo­la syn sa­lyp, öňe git­mek ýö­rel­ge­si­ni döw­let de­re­je­si­ne çen­li ös­dür­di. Tu­ruw­baş­dan, örän iş­jeň ýag­daý­da ge­çen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ge­zek­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­si hem aý­dan­la­rymy­zyň aý­dyň su­bu­dy­na öw­rül­di.

Döw­le­ti­mi­ziň dür­li ul­gam­la­ry­nyň ýol­baş­çyla­rynyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­si aç­mak bi­len, mil­li Li­de­ri­miz 2019-njy ýyl­da ýur­du­myzy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler bo­ýun­ça de­giş­li wi­se-prem­ýerleriň hasa­ba­ty­ny diň­le­di. Eý­ýäm şol ha­sa­bat­lar­dan ge­çen ýyl bi­ziň döw­le­ti­miz­de äh­li ul­gam­lar bo­ýun­ça dur­nuk­ly ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­na, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2019-njy ýyl­da has be­lent sep­git­le­riň eýe­le­nen­di­gi­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Gi­ňiş­le­ýin mej­lis­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şy has-da tä­sir­li bol­dy. Ol çy­ky­şyň her jüm­lesi­niň il­deş­le­ri­mi­ziň ýag­ty er­tir­le­ri­mi­ze bo­lan yna­my­ny pug­ta­lan­dy­ryp, ata Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gü­si­ni ozalky­syn­dan-da joş­du­ran­dy­gy­na ynan­ýa­rys. «Biz mil­li ykdy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýo­ka­ry ösüş dep­gi­ni­ni sak­lap gal­dyk. Je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi ge­çen ýyl 6,3 gö­te­ri­me, şol san­da se­na­gat pu­da­gyn­da 4,1, söw­da­da 14,2, ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 10,1 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Önüm­le­riň eks­por­ty 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­reniň­de, 4,6 gö­te­rim ös­di hem-de 9 mil­liard ma­nat­dan hem art­dy. Biz 11 müň tä­ze iş or­nu­ny dö­ret­dik» diý­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, il-ýurt bäh­bit­li her bir işe iş­jeň ýa­pyş­magy­nyň şeý­le ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­ly­ga mümkin­çi­lik dö­re­den­di­gi­ni bel­le­di. Döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan kö­pu­gur­ly üs­tün­lik­le­ri­ne ak ýü­rek bi­len go­şant goş­ýan ýol­baş­çy­lar­dyr ýö­ne­keý zäh­met­keş­le­riň äh­li­si­ne tüýs ýüre­gin­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Öz ha­lal zäh­me­tiň bi­len mil­li Li­de­ri­mi­ziň min­net­dar­ly­gy­na my­na­syp bol­mak­dan ulam bir bagt bo­lar­my?! Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň minnet­dar­ly­gy ra­ýat­la­ry­my­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýan yl­ham­ly güýç ahy­ryn!

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-ykdy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de Bi­ta­rap Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ägirt uly iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dygy­na bi­ziň äh­li­miz göz­li şa­ýat. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň we hä­zir­ki za­ma­nyň iň döw­re­bap hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­nolo­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şa iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gör­ke­zi­ji­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Bu ba­bat­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li däl bö­le­gi­niň-de uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy ýö­ri­te bel­lär­lik­li­dir. Mu­ny geçen ýyl önüm­çi­li­giň dü­zü­min­de önüm­le­riň 65,3 gö­te­rimi­niň hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň pa­ýy­na düş­ýän­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Bu mag­lu­mat ýe­ne bir za­dy — Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň mil­li te­le­ke­çi­le­ri­mi­ze ed­ýän kö­pu­gur­ly ýar­dam­la­ry­nyň, dö­red­ýän ýe­ňil­lik­le­ri­niň öz mi­we­si­ni ber­ýän­di­gi­ni hem gör­kez­ýär.

Ge­çen ýyl «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­riniň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýunça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Mu­ňa paý­tag­ty­my­zyň we tu­tuş ýur­du­my­zyň gö­zü­mi­ziň al­nyn­da ösüp-öz­ge­rip, gö­zel­le­şip bar­ýan keş­bi­ni syn­lan her bir adam aň­ry­ ýa­ny bi­len göz ýe­tir­ýän­dir. Düý­bi tu­tul­ýan tä­ze des­ga­lar, top­lum­la­ýyn gu­rul­ýan bi­na­lar, oba­lar­dyr şä­her­çe­ler bol­sa ýur­du­myzyň gör­kü­ne görk go­şup, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni hä­zir­ki­den-de go­wu­lan­dy­rar. Gur­lu­şyk pu­da­gy hak­da söz açan pur­sa­dy­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da­ky: «Biz göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­nama­la­ry­my­zyň çäk­le­rin­de gur­lu­şyk pu­da­gy­na 35 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­duk. Ge­çen ýyl ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­byna ba­ha­sy 10 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý bo­lan 1 müň 704 sa­ny önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry ulan­ma­ga ber­dik... Ge­çen ýyl biz meý­da­ny 1,5 mil­li­on ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, şol san­da ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­dik» di­ýen jüm­le­le­re ün­si çek­mek is­le­ýä­ris. Çün­ki bir ýyl­da şon­ça des­ga­ny ula­ny­şa beräýmek iň baý hem uly döw­let­le­re-de aň­sat-aň­sat ba­şard­ýan zat däl. Onuň üçin döw­le­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gurp­lu­ly­gy bi­len döw­let Baştu­ta­ny­nyň öz ýur­du­na we hal­ky­na bo­lan mi­ze­mez söý­güsi­niň berk saz­la­şy­gy ge­rek. Ana, şol saz­la­şy­gy bol­sa biz mil­li Li­de­ri­mi­ziň her ädi­min­de, her tu­tu­myn­da gör­ýä­ris. Sö­zü­miz gu­ry bol­maz ýa­ly kä­bir my­sal­la­ra ýüz­lensek, ge­çen ýyl daý­han­la­ry­my­zyň we mülk­dar­la­ry­my­zyň yh­las­ly zäh­met­le­ri ne­ti­je­sin­de bug­da­ýyň, pag­ta­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­nyň ýe­tişdi­ril­me­gi­niň bin­ýa­dyn­da-da şol saz­la­şyk dur­ýar. Mil­li te­le­ke­çi­li­gi­mi­ziň, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy gora­ýyş, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­dak­la­ry­nyň ýyl­sa­ýyn ösüp bar­şy­na-da ýo­kar­ky saz­la­şy­gyň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy şüb­he­siz­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­lis­de ýur­du­my­zy mun­dan bu­ýa­na-da kö­pu­gur­ly ös­dür­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­laryň çäk­le­rin­de «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da edil­me­li iş­ler ba­ra­da-da jik­me-jik aý­dyp, her ul­ga­myň öňün­de du­ran wa­jyp we­zi­pe­le­re de­giş­li ýolbaş­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­di. Şol we­zi­pe­le­riň düýp öze­ni bol­sa mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly: «Ila­ty­my­zyň ýaşa­ýyş-dur­mu­şy­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak­dan, gir­de­ji­le­ri art­dyr­mak­dan, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek­den we ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek­den yba­rat­dyr». Hiç hi­li dü­şün­di­ri­şe mä­täç bol­ma­dyk şu söz­le­riň özi eý­ýäm üs­tü­miz­dä­ki ýylyň has üs­tün­lik­li bol­jak­dy­gy­ny bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gör­ke­zip dur. El­bet­de, mu­nuň üçin, il­ki bi­len, ra­ýat­la­rymy­zyň er­kin we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny has-da go­wu­landyr­jak mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zy kä­mil­leş­dir­mek, Esa­sy Ka­nu­ny­my­za üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Wa­tan­daş­la­ry­my­zyň äh­li­si­niň bil­şi ýa­ly, eý­ýäm bu ugur­da anyk ädim­ler ädil­ýär. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýyl­da bo­lan Halk Mas­laha­tyn­da­ky tek­li­bi esa­syn­da iki pa­la­ta­ly Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.

Gir­de­ji­le­ri art­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek we ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ba­bat­da hem düýp­li tas­lama­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň eks­por­ty­ny art­dyr­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çiril­ýär. Bu ba­bat­da türk­men ga­zy­ny we elekt­rik ener­giýa­sy­ny se­bit döw­let­le­ri­ne ýe­tir­jek TOPH hem-de TOP uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gel­jek­de uly yk­dy­sa­dy gir­de­ji­le­ri ge­tir­jek, müň­ler­çe ada­my iş orun­la­ry bi­len üp­jün et­jek bu iri tas­la­ma­la­ryň gur­lu­şy­gy hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­timi­ziň üns mer­ke­zin­de bo­lup, ola­ra kän ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär.

Gür­rüň ma­ýa go­ýum­la­ry­na sy­ry­gan ma­ha­ly gi­ňiş­le­ýin mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň 2020-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çe­ken­di­gi­ni ýatla­mak is­le­ýä­ris. Çün­ki ýur­du­myz­da kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da, hä­zir­ki za­manyň iň ösen teh­ni­ka­la­ry­dyr teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan we in­no­wa­si­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy ne­ti­je­li ul­ga­my dö­ret­mek­de hem-de ös­dür­mek­de bu ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­na mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Mej­lis­de mil­li Li­de­ri­miz gel­jek­de äh­li pu­dak­la­ra san­ly ul­ga­my ýo­ka­ry de­re­je­de or­naş­dyr­jak, döw­le­ti­mi­zi mun­dan-da gül­le­dip ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şant­lary­ny goş­jak ylym­ly we ba­şar­jaň ýaş­la­ry ýe­tiş­dirmek­li­ge hem aý­ra­tyn ün­si çek­di. Mu­nuň üçin, hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na uý­gun­laş­dyr­mak maksa­dy bi­len, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­miz­de hö­wes­len­dir­mek çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek­li­giň ze­rur­dy­gy­ny, ola­ryň 2024-nji ýy­la çen­li hal­ka­ra de­re­je­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy öz öň­le­rin­de we­zi­pe edip goý­ma­ly­dyk­la­ry­ny aýt­dy.

Toý­la­ry-to­ýa, baý­ram­la­ry-baý­ra­ma ulaş­ýan Wa­ta­nymyz­da «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly hem döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li dür­li çä­re­le­re baý­ly­gy bi­len aý­ra­tyn yz go­ýar. Ne­sip bol­sa,şu ýyl Hal­ka­ra ahalte­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň dö­re­di­le­ni­niň 10 ýyl­ly­gy, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­jä­mi­ziň 25 ýyl­ly­gy hal­ka­ra de­re­je­sin­de baý­ram edi­ler.Adat­ça bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syzlyk to­ýu­my­za hem dür­li ýurt­lar­dan myh­man­lar gat­na­şar. On­soň şu we beý­le­ki se­ne­le­ri da­ba­ra­ly ge­çir­mek üçin me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň pa­ýy­na uly jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Ýö­ne biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn ýar­dam­lary ne­ti­je­sin­de bar­ha kä­mil­li­ge gol ber­ýän me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­my­zyň şol baý­ram­çy­lyk­la­ryň äh­li­si­ni mil­li ru­hu­my­za la­ýyk aý­dym-saz­lar­dyr tans­lar bi­len be­ze­jek­dik­le­ri­ne, me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýaý­jak­dyk­la­ry­na do­ly ynan­ýa­rys.

Mej­lis­de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ýö­ri­te to­par ta­ra­pyn­dan dur­muş, ykdy­sa­dy hem-de me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan et­rap­la­ry we et­rap hu­kuk­ly şä­her­le­ri kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň jem­le­ri­niň jem­le­nen­di­gi aý­dy­lyp, 2019-njy ýy­lyň ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça Gök­de­pe et­ra­by­nyň ýe­ňi­ji bo­lan­dy­gy yg­lan edil­di. Biz hem öz ge­ze­gi­miz­de bu et­ra­by aja­ýyp ýeň­şi bi­len gut­la­ýa­rys!

Äh­li ul­gam bo­ýun­ça ge­çen ýy­lyň jem­le­ri­ni, bu ýy­lyň we­zi­pe­le­ri­ni bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len be­ýan eden mej­lisde hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eden ta­ry­hy çy­ky­şy ösüş­li er­tir­le­ri­mi­ze tä­ze ba­dal­ga bol­dy. In­di öň­de du­ran anyk we­zi­pe­ler­den ugur alyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen hal­ky­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Bi­tarap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­ny tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­le­jek­dikle­ri­ne ynan­ýa­rys.

 

Döwrangeldi AGALYÝEW, «Türkmen dünýäsi».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.