Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ HUKUK BINÝADY

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda dabaraly maslahat geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolan dabaraly maslahaty muzeý bilen TKA-nyň welaýat birleşmesi bilelikde guradylar. Maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň many-mazmunyny giň halk köpçüligine ýetirmek hem-de konstitusion toparyň işiniň möhüm ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet etmek maksadyny nazarlap, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly: milli demokratiýamyzyň üstünlikleri» diýen at bilen ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, gurluşyk, senagat, medeniýet, hyzmat, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleriniň işjeň agzalary gatnaşdylar. Milli Liderimiziň «Ýurdumyzyň Esasy Kanuny hukuk ulgamynyň binýady, milli kanunçylygyň çeşmesi bolmak bilen, kanunlaryň hökmürowanlygynyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kepili bolup durýar we döwletimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, onuň syýasy esaslaryny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň demokratik ýol bilen ösmegini has-da çaltlandyrmaga hyzmat edýär» diýen ganatly sözlerini şygar edinip geçirilen dabaraly maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň işgärler bölüminiň başlygy Oguljan Öwezowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Begenç Rejepow, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, TKAnyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Mämmetdurdy Muhammedow, Jumagül Hojaýewa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda milli Liderimiziň tutumly başlangyçlary esasynda durmuşa ornaşdyrylýan döwletli tutumlaryň diňe halkyň bähbidine gönükdirilendigini we raýatlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goraglylygynyň üpjün edilýändigini aýratyn bellediler. Şeýle-de çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ägirt uly özgerişlikleriň bolup geçýändigi, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň bolsa, döwletimiziň raýatlarynyň hak-hukuklarynyň goralmagyny üpjün edýändigi, dünýewi, demokratik we hukuk döwletimizde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ähli babatda iş ýüzünde durmuşa geçýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

        

Bagtygül NEPESOWA, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.