Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BILIM ULGAMYNDA

Iň gö­rel­de­li synp ýol­baş­çy­sy

 

Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda şäheriň orta mekdepleriniň synp ýolbaşçylarynyň arasynda “Iň göreldeli synp ýolbaşçysy” atly bäsleşigi geçirildi.

Bu çäräniň esasy maksady ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda tapawutlanyp işleýän hünärine ussat bilim işgärlerini ýüze çykarmakdan, höweslendirmekden we olaryň iş tejribesini ýaýratmakdan, çagalara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň jemi jemlenende 10-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulgül Hatamowa «Şäher mekdebiniň iň göreldeli synp ýolbaşçysy” diýlip yglan edildi. Şeýle-de bu bäsleşikde 1-nji orna 4-nji orta mekdebiň mugallymy Gülşat Tagandurdyýewa, 2-nji orna 6-njy orta mekdebiň mugallymy Gülsenem Amandurdyýewa, 3-nji or­na 8-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my Aý­na­gül Ba­ba­ýe­wa, hö­wes­len­di­ri­ji baý­ra­ga bol­sa 7-nji orta mekdebiň mugallymy Nurjahan Hojamowa mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine şäher bilim bölüminiň Hormat hatlary hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Dünýägözel GALPAKOWA, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.