Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DEMOKRATIK ÖZGERTMELERIŇ ÝOLY

Hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde eden çuň manyly çykyşyndan ugur alnyp, Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde maslahat geçirildi.

Maslahata şäheriň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşulular gatnaşdy.

Şäher häkimliginiň we şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň başlygy B.Porsyýewiň, TMÝG-niň şäher Geňeşiniň başlygy B.Gurbanberdiýewiň, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy M.Taganowyň, etrap-şäher kazyýetiniň kazysy G.Akmyradowyň, şäher-etrap polisiýa bölüminiň wekili O.Nurberdiýewiň, etrap-şäher döwlet notarial edarasynyň işgäri Ş.Nökerowyň çykyşlary diňlendi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýeti, milli Liderimiziň çuň mazmunly çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada gürrüň etmek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak bilen baglanyşykly Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüdiň il arasynda uly goldawa eýe bolandygyny bellediler.

Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly edilýän tagallalaryň ýurdumyzyň has-da ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýändigini guwanç bilen aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Ogulgurban TÄJIÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen şäher Geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.