Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN ÝAŞLAR — KÄMIL JEMGYÝET

KAKA.Ýakynda etrabyň sport mekdebinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, woleýbol, küşt, düzzüm hem-de şaşka boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryş Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de sport mekdebi tarapyndan bilelikde guraldy.

Çekeleşikli geçen ýaryşda okuwçy ýaşlar ýeňiji bolmak üçin erjelligini, ussatlygyny görkezdiler. Ýaryşyň netijesinde ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Küşt boýunça etrapdaky 9-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary üçünji; woleýbolda 10-njy orta mekdebiň topary birinji, 16-njy orta mekdebiň topary ikinji, 15- nji orta mekdebiň topary üçünji; düzzümde 9-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, 20-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 7-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji; şaşkada 21-nji orta mekdebiň topary birinji, 15-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.