Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BITARAPLYK-BAGTYÝARLYK BINÝADY” ATLY AÝDYM-SAZLY, SÖHBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Daşary işler  ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Bitaraplyk-bagtyýarlyk binýady” atly aýdym-sazly, söhbetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjylar çäräniň başynda ýurdumyzyň ýaş nakgaşlarynyň döreden eserlerinden ybarat bolan sergä aýlanyp gördüler. Baýramçylyk dabarasy mynasybetli geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşige gatnaşyp çykyş eden türkmen diplomatiýasynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty barada giňişleýin buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda Halkara gatnaşyklary institutynyň sungaty söýüji sazanda talyplarynyň sazandarlyk etmeklerinde ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň we institutyň çeper höwesjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ata Watanymyzy, asuda, parahat, bagtyýar durmuşymyzy, zähmet söýer halkymyzy hem-de baky bagtyýar durmuşymyzy döredip berýän Arkadag Prezidentimizi wasp edýän şirinden şirin aýdymlar ýaňlandy.

surata dusuren B.Ak

Şatlyk şowhuna beslenip geçirilen baýramçylyk dabaranyň dowamynda işinde tapawutlanyp zähmet çekýän zähmet ussatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy olaryň işlerine bolan höwesini has-da artdyrmaga itergi berdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar işlemäge, döretmäge, ýurdumyzyň diplomatiýasynyň has-da öňe ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Begenç Baýramow, TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.