Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BITARAPLYK BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY: MILLI KANUNÇYLYGYŇ KÄMILLIGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe, Mähriban Arkadagymyzyň   parasatly  baştutanlyygynda, halkymyzyň  agzybirlikli we döredijilikli  zähmeti  bilen, Bitarap  döwletimiz  ösüşleriň  täze  sepgitlerine  gadam  basýar. Ösüş  bilen  çalt  özgerýän döwrümizde öz  wagtynda  durmuşa  geçirilýän  maksatnamalaýyn  özgertmeler  ähli  ulgamda  ylmyň  täze  gazananlaryny, dürli  ugurlarda  toplanan oňyn  tejribeleri, ata-babalarymyzdan  gelýän  milli  ýörelgeleri  täze  öwüşginde durmuşa  ornaşdyrmaga  ýardam  edýär. Dürli  ugurlarda  täze  tehnikalaryň  ýerlikli  peýdalanmagy, sanly  ulgama  geçilmegi  adamlaryň  zähmetini  ýeňilleşdirmek  bilen, gysga  möhletlerde  ýerine ýetirilýän  işler  barada  maglumatlary  toplamaga, olary  seljermäge, geljekki  wezipeleri aýdyň  kesgitlemäge we  maksatnamalary  taýýarlamaga  hem-de  olaryň  berjaý  edilişine gözegçiligi  amala aşyrmaga  döwrebap  mümkinçilikleri döredýär.

Mähriban Arkadagymyzyň pähim-parasatly  syýasatynyň   esasynda dünýäde  parahatçylygy, dost – doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi  öňe  sürýän  hemişelik, Bitarap Türkmenistan  döwletimiziň özüniň  syýasy  durmuşynda  halkara  derejesinde  ykrar  edilýän  we raýatlaryň  hukuklaryny, azatlyklaryny goramaga  gönükdirilen  demokratik  ýoluny saýlap  alandygy  bizi  buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň  başlangyjy  bilen, 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň  mekany”  diýlip  yglan  edildi we döwletimiz  dünýä  bileleşigi  bilen  birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara  derejesinde  ykrar  edilmeginiň  25  ýyllygyny uludan  bellär. Bu  mynasybetli berkarar  döwletimiziň  ähli  künjeklerinde wagyz – nesihat, medeni – köpçülikleýin  çäreler giňden  geçirilýär.

Ýakynda  Türkmenistanyň  Döwlet edaralarynyň  işgärleriniň kärdeşler  arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Baş  prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary  kazyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanalar  birleşiginiň Merkezi  Geňeşiniň bilelikde  gurnamaklarynda Türkmenistanyň  Ministrler  Kabinetiniň  ýanyndaky  Baş  arhiw  müdirliginde we Aşgabat  şäher  häkimliginiň   “Bagt  köşgi”  toý  dabaralary  merkezinde    “Bitaraplyk bagtyýarlygyň binýady: milli kanunçylygyň   kämilligi”  atly   maslahat  geçirildi.   Maslahatda   çykyş 

edenler ösüşiň  demokratik  ýoluny  saýlap  alan watanymyzda  jemgyýetimiziň hukuk  esaslaryny  mundan  beýläk – de  berkitmäge,   ata-babalarymyzdan      gelýän    demokratik      ýörelgeleri  pugtalandyrmaga gönükdirilen işleriň dowam  etdiriljekdigini belläp  geçdiler.  

Çärelere  gatnaşanlar  halkymyzy  bagtyýar durmuşa  ýetiren, ganatly  göwünleri  galkyndyran  Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň  uzak bolmagyny, il-ýurt  bähbitli  işleriniň  hemişe üstüliklere  beslenmegini  arzuw  etdiler. 

 

Türkmenistanyň  Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler  arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy  hünärmeni  Aýgözel  Pirnazarowa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.