Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ZENAN SARPASY BELENTDE” ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiz “Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salykatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanatdylar” diýip özüniň dürdäne setirlerinde belläp geçýär.

surata dusuren

Şu gün Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kardeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda “Zenan sarpasy belentde” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işlerde zenanlaryň tutýan ornunyň hem belentdedigi barada aýdyp müňýyllyklaryň dowamynda has ýokary derejä galan milli  mukaddeslikleri gorap saklamagy we türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan päklik, arassalyk, halallyk, wepalylyk ýaly gylyk-häsiýetleri dowam etmekligi belläp geçdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda häzirki wagtda ýurdumyzda gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, işlemegi, ylym bilen meşgullanmagy we zenanlara edilýän ýeňillikler hem-de kepillikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 

Berdimyrat Rozyýew, Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.