Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ ÖZENI

Ýakynda Babadaýhan etrabyndaky 6-njy, orta mekdepde etrap prokuraturasynyň, etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bilelikde guramagynda «Edep-terbiýe üstünlikleriň ýol-ýörelge mekdebidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu duşuşykda çykyş edenler olara özleriniň bilim alýan ojagynda döwrebap terbiýelenip, kämil hünärli ýaşlar bolup ýetişmelidikleri dogrusynda aýtdylar. Şeýle-de olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda bu gün Berkarar döwletimiziň at-abraýynyň dünýä ýaýylandygyny bellemek bilen esasy wezipäniň ýaşlar üçin bagtly durmuşy üpjün etmekden, olary hakyky watançy, halal we tertipli adamlar edip ýetişdirmekden ybaratdygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Şeýle duşuşyklar etrapdaky 8-nji, 11-nji, 12-nji orta mekdeplerde hem geçirildi.

 

Berdimyrat ÝALKABOW, Babadaýhan etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.