Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝYLYŇ TERBIÝEÇISI — 2020

Ýakynda Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda “Ýylyň terbiýeçisi — 2020” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Etrabyň bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige etrapdaky çagalar baglarynyň tejribeli terbiýeçileri gatnaşyp, bilim başarnyklaryny görkezdiler.

Çagalar edaralaryndaky ýyllyk iş meýilnamalaryna laýyklykda, körpelere bilimiň ilkinji basgançaklaryny çuňňur öwretmek, terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň dowamynda tejribeli terbiýeçiler körpeleri mekdebe taýýarlamakda, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, kämil bilimli nesilleri kemala getirmekde, olary Watanymyza, hormatly Prezidentimize, il-günümize wepalylyk ruhunda terbiýelemekde alyp barýan okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Olar okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny hem görkezip, usuly-amaly işlerini hödürlediler. Bäsleşikde etrapdaky 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Täzegül Meredowanyň we 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Bägül Annamuhammedowanyň öwretmegiň mümkin bolan nusgalary esasynda guran öwrediji oýun sapaklary has-da täsirli boldy.

Bäsleşigiň netijesinde baş baýraga etrapdaky 20-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülşat Ataýewa mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy, beýleki baýrakly orunlary degişlilikde 13-nji we 5-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri Göwher Bäşimowa, Selbi Babaýewa eýeledi. Ýeňijilere hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

 

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA, Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.