Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇEPER ELLI DOKMAÇYLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

Ýakynda paýtagtymyzdaky Dokma toplumynda «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirilip, onda welaýatymyzyň topary baýrakly birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşik Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.

Döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige welaýatymyzyň dokmaçy gelin-gyzlary oňat taýýarlyklar bilen bardylar. Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginiň göneldiji enjamynyň operatory Maral Gylyçmyradowa, Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumynyň tikinçisi Jennet Agageldiýewa, Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginiň tikin enjamynyň operatory Gülşat Allagulyýewa dagy bäsleşigiň etrap, welaýat tapgyrlarynda hem hünärine ezberdiklerini we ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýandyklaryny subut etmegi başardylar. Şoňa görä-de, bu çeper elli zenanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldular.

Jemleýji bäsleşikde ahally dokmaçylar ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen kärdeşleri ýaly, degişli şertleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Olaryň «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Sungatym bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly şertler boýunça çykyşlaryna bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berildi. Munuň özi «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly jemleýji bäsleşigiň netijesinde welaýatymyzyň toparynyň birinji orny eýelemegini şertlendirdi. Toparyň agzalaryna guramaçylar tarapyndan hormat haty we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

 

Gülşirin ANNAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.