Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň TMÝG-niň welaýat Geňeşi hem-de welaýat gümrükhanasy bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa TSTB-niň welaýat bölüminiň, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň wekilleri, hususy telekeçiler, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Myratgeldi Goçmedow, welaýat gümrükhanasynyň başlygynyň orunbasary Baýmuhammet Orazsähedow, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň başlygy Balkan Meredow, TOHI-niň mugallymy Ýedibaý Baýramdurdyýew, TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Bekmyrat Piriýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde has köp öndürmek, olary daşarky bazarlara çykarmak dogrusynda giňişleýin aýdylyp geçildi. Milli ykdysadyýetimizi geljekde has-da ösdürmekde türkmen eksportynyň ähmiýeti barada nygtaldy. Bu ugurda hususy telekeçileriň, gümrük gullugynyň işgärleriniň öňünde durýan wajyp wezipeler barada bellenilip geçildi.

Maslahatyň dowamynda geljekde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini ýene-de azaltmakda, biziň ýurdumyzdan daşarky bazarlara çykarylýan önümleriň mukdaryny has-da köpeltmekde, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmakda durmuşa geçirilmeli işler barada birnäçe teklipler diňlenildi. Bu ugurda sorag-jogaplar alşyldy.

 

Halnazar SEÝIDOW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.