Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MAŞGALAM — BAŞ GALAM

Maşgala mukaddesligine uly sarpa goýýan pederlerimiz ýaş çatynjalaryň nikalarynyň berk binýatly, döwletli ojak bolup, bagtyýar ýaşamaklaryny isläpdirler. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bolsa maşgala mukaddesligi has-da kämilleşýär. Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary bu günki bagtyýarlyk döwrümizde nusgalyk mekdep hasaplanylýar. Eziz Arkadagymyz hem milli medeniýetimizi, mirasymyzy öwrenmäge, kämilleşdirmäge we geljekki ýaş nesle ýetirmäge giň ýol açýar we ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu babatda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dürli medeni çäreler, buýsançly dabaralar özüniň giň beýanyny tapýar.

Golaýda Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde TKA-nyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Berk maşgala — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şäherdir etraplardan gelen maşgalalar hem-de ýaş çatynjalar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bu wagyz-nesihat çäresine Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Täzegül Aýnazarowanyň, Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy Ýüpek Meretnazarowanyň, Boldumsaz etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Şirin Bazarowanyň, Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Aksoltan Annaýewanyň, Görogly etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Ýusupowanyň, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 55-nji orta mekdebiň müdiri Gurbandurdy Meredowyň, Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkeziniň kitaphanaçysy Ejegül Ibragimowanyň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 75-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Täzegül Muhammedowanyň maşgalalary gatnaşyp, ýurdumyzda maşgala bagtyýarlygyny üpjün etmek barada alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Maşgala gymmatlygyny gazanmak mukaddes terbiýäniň ojagy bolan maşgalalarda agzybir hem asuda durmuşy üpjün etmek, kämil nesli kemala getirmek babatda gadymy hem müdimi ýörelgelere esaslanyp alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyldy. Ýaşlary, ýaş maşgalalary ahlak kadalaryna, milli gymmatlyklarymyza ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde, hünär öwretmekde ene-atanyň borjy dogrusynda gürrüň edildi. Wagyz-nesihat äheňine ýugrulan täsirli söhbetdeşligiň dowamynda özara tejribeler alşyldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bedew batly ösüşleri başdan geçirýän döwletimiziň bagtyýar geljegi hasaplanýan ýaşlary milli hem watançylyk ruhunda, görüm-göreldäniň ýokary sypatynda terbiýelemek barada öňde goýýan wezipelerini maşgalalarda amal etmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy, ýaş çatynjalara maşgala gymmatlygyny gorap saklamak barada durmuşy mysallara salgylanylyp öwüt-ündewler edildi. Jemgyýetiň kämil binýady bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, maşgala bagtyýarlygyny wagyz etmäge gönükdirilen bu duşuşyk ýokary guramaçylyk derejesi hem-de öwredijilikli ähmiýeti taýdan baý many-mazmuna eýe boldy.

 

Gözel SEÝIDOWA, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.