Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TERBIÝEÇILER BÄSLEŞDILER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesil barada bimöçber aladalar edilýär. Ýurdumyzda çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, okatmagyň we terbiýelemegiň öňdebaryjy iş usullaryny netijeli ulanmakda, okuw-terbiýeçilik işlerini dünýä ülňülerine laýyk derejede guramakda uly üstünlikler gazanylýar. Ýaş nesliň döwrebap düşünjeli, ahlak taýdan arassa, ata Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmegini gazanmak mekdebe çenli çagalar edaralaryndan gözbaş alýar. Çagalaryň bilim we terbiýe binýadynyň berk hem-de kämil bolmagynda çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň hyzmaty uludyr. Şonuň üçin olar özleriniň hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirip durýarlar. Hünärine ökde terbiýeçileri ýüze çykarmakda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýylyň terbiýeçisi» atly bäsleşigiň aýratyn ähmiýeti bar.

Ýakynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2020» bäsleşiginiň etrap, şäher tapgyrlary bolup geçdi.

Bäsleşigiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 4-nji çagalar bagynda bolup geçen etrap tapgyry mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe bermekde çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýandyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy. Oňa etrabyň çagalar baglarynyň kärine yhlasly terbiýeçileriniň 8-si gatnaşdy. Bäsleşigiň ýokary ruhubelentlik hem işjeňlik ýagdaýynda geçmegi terbiýeçileriň oňa gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Bäsleşikde «Çaga durmuşymyzyň gülüdir, olar biziň nurana geljegimizdir» diýen halk pähimine uýýan, çaga terbiýesi ýaly näzik işde özleriniň iş tejribelerini yzygiderli baýlaşdyrýan we hünär derejelerini kämilleşdirýän terbiýeçiler tapawutlanmagy başardylar. Netijede, 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Aýgözel Öwezberdiýewa 1-nji, 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Altyn Agaýewa 2-nji, 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Aýgül Muhammedowa 3-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň etrap geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

***

Bäsleşigiň Akdepe etrap tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçirildi. Oňa etrabyň çagalar baglarynyň 8-siniň hersinden öz üstlerinde döredijilikli işleýän, mekdep döwrüne çenli çagalara bilim we terbiýe bermekde netijeli usullardan ýerlikli peýdalanmagy başarýan tejribeli terbiýeçiler gatnaşdylar. Olar özleriniň terbiýeçilik ukyp-başarnyklaryny, çagalar bilen mähirli gatnaşyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Orazbike Orazgeldiýewanyň, 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülälek Taganowanyň, 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Sapargül Mätiýewanyň çagalar bilen alyp barýan işleriniň döredijilik gözleglerine baýdygy, terbiýeçilik hünär ussatlyklarynyň ýokarydygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä, olara bäsleşigiň eminler topary tarapyndan degişli tertipde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar berildi.

 

Annageldi BEKIÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.