Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BITARAPLYK - KÖŇÜL BUÝSANJYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda täze öwüşginlere eýe bolup, dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan hormat goýulýan halkara hukuk ýagdaýyna eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Rezolýusiýanyň iki gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan uly üstünligini alamatlandyrýar.

Durnukly syýasy, ykdysady ösüşi üpjün edýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur yhlasy, ägirt uly tagallasy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň belent hormat-sarpasyna eýe boldy.

Bitaraplyk halkymyzyň köňül buýsanjydyr, mertebesidir, şoňa görä-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyz bu mukaddes düşünjä täze many-mazmun çaýyp, ony ösdürip hem kämilleşdirip, onuň halkara durmuşyndaky orny — ähmiýeti baradaky dabaralara giň gerim berýär.

Goý, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Çeper BABAYEWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geofizika bölüminiň baş hünärmeni, korporasiýanyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.