Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

Ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginde «Zeminiň bezegi zenanlar» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň dowamynda çykyş edenler ýygnananlary bahar paslynyň ilkinji aýynda belleniljek bu baýramçylyk bilen mähirli gutlap,«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlardaky ösüşlerine aýal-gyzlaryň goşýan goşandy, çekýän asylly zähmeti, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki mynasyp orny barada buýsanç bilen söhbet etdiler. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda müdirlikde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda şaşka boýunça ýaryş geçirildi.

Çekeleşikli geçen ýaryşda müdirligiň ulaglar bölüminiň dispetçeri Ýazgül Hojamowa birinji, zähmet we iş haky bölüminiň inženeri Güljemal Weliýewa ikinji, düýpli gurluşyk bölüminiň inženeri Ogulbibi Durdyýewa üçünji orny eýeledi. Ýaryşyň ýeňijilerine Kärdeşler arkalaşyklary komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Sapardurdy HAJYÝEW, «Türkmennebit» DK-nyň Körpeje buraw işleri müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.