Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE BAŞ METJID ULANYLMAGA BERILDI

Geçen hepdäniň anna güni halkymyzy begendiren, ulus-ilimiziň hormatly Prezidentimize buýsanjyny artdyran şatlykly wakalarynyň ýene-de biri bolup geçdi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň fewral aýynyň 21-ine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde bu sebitiň baş metjidi açylyp, ulanylmaga berildi. Soňky ýyllarda barha özgerýän we gözelleşýän Türkmenabadyň şähergurluşyk desgalarynyň üstüni ýetiren baş metjidiniň döwrebap binasy hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak barada edýän üns-aladasynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Täze metjid 5 gektar meýdany tutýar. Onuň döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly bina edilendigini bellemelidir. Baş metjidiň ýalkym salyp duran owadan durky uzaklardan görünýär, merkezi gümmeziniň çür başynda lowurdaýan altyn çaýylan Aýyň keşbi Gündogar binagärliginiň däplerini ýatlatmak bilen kalbyňda ýakymly duýgy oýarýar.

Binagärlik toplumynda özboluşly bezeg öwüşginlerini jemleýän minaralaryň dördüsi bar. Baş metjidiň iki gatly binasynda 3 müň adama namaz okamaga şert döredilipdir. Onuň birinji gaty erkek adamlara, ikinji gaty bolsa zenanlara niýetlenilipdir. Toplumyň çäginde sadaka bermek üçin binanyň, myhmanhananyň we beýleki desgalaryň gurulmagy ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyndan habar berýär. Dört ýüze golaý ulaga niýetlenen awto-duralga bu ýere gelenlere hyzmat eder. Binagärligiň iň gowy usullaryny özünde jemleýän metjid diňe bir daşky we içki gözelligi bilen tapawutlanman, eýsem, töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, bag nahallary ekilen ýanaşyk ýerleri bilen hem özüne çekýär.

Türkmen halky milli-däp dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna sarpa goýýar we ata-baba däplerine eýerip, oňa ebedi miras hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir adam erkin, azat, döredijilikli zähmet çekip, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Sahawatly Lebap topragynda täze metjidiň açylmagy-da ýurdumyzda wyždan azatlygynyň dabaralanýandygynyň, gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýän, ýurdumyzyň ähli künjeklerini özgertmekde, täze desgalary gurmakda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimizi gudraty güýçli Allatagala öz penasynda aman saklasyn!

 

Ibraýimguly ILAMANOW, «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.