Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTDAN PAÝLY ZENANLAR

Maşgalada ojagy abat saklaýan, onuň abraýyny goraýan, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirýän mährem zenanlardyr. Zenanlarymyz edep-ekramlylygyň nusgasyny görkezýärler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şunuň bilen baglanyşykly dürli çäreler geçirilýär. Şolaryň biri-de, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi ge­ňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşigidir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zenanlaryň 35-si gatnaşdy.

Asyrlarboýy edep-terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde dünýäde tanalan halkymyzyň däp-dessuryny, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda maşgala gymmatlygyna goýulýan hormat-sarpany beýan etmek, ýaş nesillerde ata Watanymyza söýgi döretmek bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar ýedi ugur boýunça ýaryşdylar.

Şeýlelikde, Balkanabat şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Dünýägözel Sarjaýewa «Ýylyň işewür zenany», Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Nurtäç Tekäýewa «Ýylyň çeper elli zenany», Hazar şäheriniň medeniýet merkeziniň «Durmuş ýollary» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Taganbibi Myradowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Gumdag şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbanjemal Diwanowa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Aýjeren Bazarowa «Ýylyň watançy zenany», Serdar etrabynyň Purnuwar obasyndan kärendeçi Şabibi Gökiýewa «Ýylyň öň­debaryjy oba zenany», Hazar şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Amanbibi Nurbadowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşikde ýe­ňiji bolan zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar. Ýurdumyzy gülletmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, ata Watanymyzyň, bagtyýar döwrümiziň, mähriban enelerimiziň waspyny ýetirýän welaýatyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary belentden ýaň­landy, el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergisine syn edildi.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.