Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝARYM ASYRYŇ MUGALLYMY

Şeýle ýagdaý her bir adamda-da bolýandyr: haçan-da elimize çagalarymyzyň ýa-da jigilerimiziň harplyk kitaplaryny alanymyzda, ilkinji «A» harpy öwreden mähriban ynsanyň ýüz keşbi biygtyýar göz öňümizde janlanýar. Ýarym asyrdan gowrak bu asylly kärde zähmet çekýän Sapargül Ataýewa Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.

— Biz bäş dogandyk. Kakam maňa kiçijik gyzjagaz wagtym “Meniň gyzym mugallym bolar, çagalara bilim berer, halkyň söýýän adamsy bolar” diýýärdi. Şol sözler hem çagalygymdan mugallymçylyga bolan höwesimi artdyrypdy. Orta mekdebi tamamlap, 1961-nji ýylda Aşgabat şäherindäki A. Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine okuwa girdim. 1965-nji ýylda okuwy tamamlap, Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebe başlangyç synp mugallymy bolup işe ýerleşdim. Şu ýyl hem bu mekdepde biregne işläp ýörenime elli bäş ýyl dolýar. Haýsy hünäri alanyňda-da, tükeniksiz yhlas, talapkärlik, zähmetsöýerlik gerek. Şonsuz üstünlige ýetmek mümkin däl. Häzirki okadýan okuwçylarymyň arasynda öňki okuwçylarymyň agtyklary hem bar. Ozalky okuwçylarym «Salam mugallym!» diýip gelenlerinde, gözlerimde biygtyýar begenç gözýaşlary peýda bolýar. Olaryň hem ak mekdebiň gapysyndan ätläp, harplyk kitaplaryny ellerine alanlary düýn ýalydy. Ine, bu gün olar uly maşgalanyň eýeleri bolup otyrlar.

Ýaşlygynda ýüreginde beslän arzuwynyň eýesi bolan bu mähriban mugallymyň gürrüňi barha özüne çekýär. Sapargül Ataýewa Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan çeken göreldeli zähmeti üçin dürli ýyllarda Hormat hatlary bilen sylaglanýar.

— Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permanyna laýyklykda, okuwyň möhletiniň 12 ýyla geçirilmegi bilim ulgamynda gazanylan işleriň iň möhüm bölegi bolup durýar. Täze okuwa gelýän 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi hem aýratyn buýsançlydyr.

Men şeýle bagtly zamanada ýaşaýandygyma, işleýändigime diýseň buýsanýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, mähriban mugallym öz ýürek buýsançlaryny beýan edýär.

Hawa, şeýle uly hormatdan peýdalanýan Sapargül mugallymyň kalby alkyşdan doly. Asylly käriň eýesi, halk içinde uly sylag-sarpa mynasyp bolan mugallymyň janynyň sag, işlerinde üstünlikleriň mydama ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

Sona ATDAÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hünäriniň talyby.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.