Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BILIM IŞGÄRLERINIŇ HÜNÄR BAŞARNYGY

Şu günler ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2020», «Ýylyň terbiýeçisi — 2020» atly bäsleşikleriň şäherdir etrap tapgyrlary dowam edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyrlary ýokary guramaçylyga eýe bolýar.

BÄHERDEN. Etrapdaky 15-nji çagalar bagynda geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2020» atly bäsleşigiň etrap tapgyry çagalar baglarynyň terbiýeçileri üçin özboluşly synaga öwrüldi. Şäher bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan bäsleşige çagalar baglaryndan tejribeli terbiýeçileriň birnäçesi gatnaşdy.

Terbiýeçiler bäsleşigiň şertlerine laýyklykda çykyş edip, ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, iş tejribelerini has-da kämilleşdirmekde, bilimiň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda alyp barýan işlerini doly derejede açyp görkezmäge çalyşdylar. Olaryň çykyşlarynda sapagyň işjeň guralyşyna, körpeleri okuwa gyzaklandyryp bilmeklerine aýratyn ähmiýet berildi. Bäsleşigiň netijesine görä etrapdaky 15-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülzara Gurdowa birinji orna mynasyp boldy hem-de onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 20-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Mährijemal Babaýewa ikinji, 17-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulsuraý Amangeldiýewa üçünji orunlary eýelediler.

 

Şasoltan DURDYÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

 

TEJEN. «Ýylyň mugallymy — 2020» atly bäsleşigiň şäher tapgyry şäherdäki 3-nji orta mekdepde geçirilip, oňa tejribeli mugallymlaryň uly topary gatnaşdy. Şäher bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşi tarapyndan onuň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Şeýle bolansoň, bäsleşik mekdep mugallymlaryna hünär başarnygyny doly derejede açyp görkezmäge giň mümkinçilik açdy.

Mekdep mugallymlary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmakda, sapaga döredijilikli çemeleşmekde hem-de onuň netijeliligini gazanmakda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen we uly gyzyklanma döreden bäsleşigiň netijesinde etrapdaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Maýagözel Dowliýewa birinji, 5-nji orta mekdebiň mugallymy Orazgül Gulgeldiýewa ikinji, 7-nji orta mekdebiň mugallymy Bilbil Çorşukowa üçünji orunlary eýelediler. Onda birinji orny eýelän mugallym bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Ogulgurban TÄJIÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen şäher Geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.