Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSION ÖZGERTMELER: DEMOKRATIK ÖSÜŞDE TÄZE ÄDIM

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda amala aşyrylýan her bir özgertme, ilki bilen, Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýan, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, raýat jemgyýetini ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan aýratyn möhüm waka boldy. Milli Liderimiz şol maslahatda eden çuň manyly çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak arkaly hil taýdan täze, iki palataly parlamenti döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işleri amala aşyrýan Konstitusion toparyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz täze özgertmäniň maksatlaryny anyk delillendirmek bilen: «Biziň bu başlangyjymyzyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de şundan ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybaratdyr» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu mejlisde ýurdumyzda kemala getirilýän täze kanun çykaryjylyk ulgamy boýunça işlenip taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasy hakynda giňişleýin durup geçdi. Bu taslamadan görnüşi ýaly, täze Konstitusion özgertme döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyna düýpli täsir edýändigi, halkyň demokratik hukuklaryny giňeltmekdäki, raýat jemgyýetiniň ornuny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bilen ýurdumyzyň taryhy ösüşinde görnükli wakadyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Konstitusion kanunçylygyň milli we dünýä tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işi dowam etmegiň we hödürlenýän taslamany ara alyp maslahatlaşmaga halk köpçüliginiň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegiň häzirki döwürde öňde durýan esasy wezipedigini aýratyn nygtady.

Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan we halkymyzyň teklipleri hem göz öňünde tutulyp taýýarlanan Konstitusion Kanunyň taslamasy ýurdumyzyň taryhynda syýasy-demokratik özgertmäniň giň gerimli hem çuň manyly möhüm tapgyryny aňladýandygyny nygtap bellemek zerurdyr. Çünki bu özgertme ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyna düýpli täsir etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly belläp geçişi ýaly, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň özgerdilmegi Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge we kanunlary taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer, şonuň ýaly hem täze kanun çykaryjy edara döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda hem-de ýurdumyzda durmuş adalatlylygynyň kadalaryny doly ykrar etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, gymmatly maslahatlary bilen işlenip taýýarlanan Konstitusion Kanunyň taslamasynda Milli Parlamentiň täze gurluşy barada giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalaryna, baplaryna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmeler we goşmaçalar kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda hem bu dogrusynda durup geçdi: «Konstitusion topara gelip gowuşýan köp sanly teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, biz Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, maksadalaýyk bolar diýen netijä geldik».

Konstitusion Kanunyň taslamasynda Parlamentiň we onuň iki palatasynyň wezipeleri, hukuklary we borçlary hakda anyk kesgitlemeleriň görkezilmegi ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň gurluşyna we bu wekilçilikli döwlet düzüminiň alyp barmaly işleriniň düýp manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň iň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň kabul ediljek wagtyna çenli döwürde onuň taslamasynyň ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşylmagyny guramakda, bu hakda düşündiriş çärelerini, wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda beýleki iri syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary, işjeň agzalary, ýurdumyzyň Zenanlar birleşigi ýörite meýilnamalar esasynda işjeň hereket edýärler. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy bilen amala aşyrylýan täze Konstitusion özgertmä watandaşlarymyzyň uly gyzyklanma bildirýändigi, bu taryhy işleri tüýs ýürekden goldaýandyklary örän buýsandyryjydyr.

Biz bu gün Esasy Kanunymyzyň kadalarynda türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygynyň şaýady bolýarys.

Konstitusion özgertme Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda möhüm ädim bolmak bilen, ýurdumyzyň demokratik ýol bilen mundan beýläk-de ösüşini, kämil raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini we türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň mizemez binýady bolup hyzmat etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

 

Gurbangül Ata­ýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.