Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TOÝ ÝYLYNYŇ ŞOWLY GADAMLARY

2020-nji ýyl şowly gadamlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň döredijilik topary bu toý ýylymyzda ýörite, gi­ňişleýin düzülen döredijilik meýilnamasyny taýýarlady. Sahnalaşdyrylmaly eserleriň görnüşleriniň dürli, many-mazmuny babatda sagdyn, çeperçiliginiň ýokary derejede bolmalydygy bilen baglanyşykly döredijilik maslahaty geçirildi. Spektakllaryň käbirini sahnalaşdyrmak işleri eýýäm uly höwes bilen başlanyldy. Häzirki wagtda teatrymyzda hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň esasynda döredilen drama eserini sahnalaşdyrmaga girişildi. Teatrymyzyň repertuarynda öňem milli Liderimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynyň esasynda Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň režissýorlyk etmeginde döredilen şowly sahna oýunlary bar. Tomaşaçylar bu sahna eserlerine höwes bilen tomaşa edýärler. Ol eserleriň ýaş nesli terbiýelemekde, türkmen halkynyň taryhyna, edebi mirasyna söýgi döretmekde ähmiýeti juda uludyr.

Teatrymyzyň döredijilik işgärleri ýokary çeperçiligi bolan, döwrebap, täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli sahna eserlerini döretmek bilen birlikde, ýurdumyzda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere hem işjeň gatnaşýarlar. Teatrda görkezilýän sahna oýunlary, olary döretmäge gatnaşýan döredijilik işgärleri — artistler, režissýorlar, dramaturglar, suratkeşler, kompozitorlar baradaky maglumatlar bilen tomaşaçylary internet ulgamynyň, telewideniýäniň, radionyň, gazet-žurnallaryň üsti bilen tanyşdyrmagy yzygiderli ýola goýmagy hem göz öňünde tutýarys. Teatryň tejribeli we ýaş artistlerini bu işe çekmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi tomaşaçylaryň sanynyň artmagynda, teatr durmuşy bilen gyzyklanýan bilesigelijileri zerur maglumatlar bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Teatryň döredijilik işgärleri ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän ähli başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen birlikde, öz işlerini döredijilikli gözlegler esasynda alyp barýarlar. Teatr sungaty tomaşaçy bilen göni gatnaşyk saklaýan sungatdyr. Döwlet Baştutanymyzyň halypa-şägirtlik ýoly biziň teatry­myzda üstünlikli dowam etdirilýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň döwletli işlerine täze, döwrebap sahna eserleri bilen goşant goşmak — biziň baş maksadymyz. Teatr sungatyny ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Şöhrat BABAÝEW, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.