Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE TEHNOLOGIÝALARYŇ EÝÝAMY

Dokma senagaty barada aýdylanda, bu pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegi hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça strategiki wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Dokma senagaty pudagynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen kärhanalar ýokary tehnologiki kuwwata hem-de egsilmejek çig mal serişdelerine eýedir. Pudagyň giň möçberli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, kärhanalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň önümleriniň hili ýokarlanýar we görnüşi artýar. Şol önümler daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen mynasyp bäsdeşlik edýär. Häzirki wagtda pudagyň önümçilik binýadynyň esasyny iri toplumlar, şeýle hem pagta egriji, dokma, tikin fabrikleri düzýär. Olaryň kuwwaty dürli görnüşli nah ýüplükleri, ýokary hilli matalary, trikotaž önümlerini, taýýar tikin önümlerini çykarmaga ukyplydyr. Döwletimizde öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksportuň esasy bölegini düzüp, özüniň ekologiýa taýdan amatlylygy, ýokary hilliligi hem-de ajaýyp bezegi bilen daşary ýurtly sarp edijileriň ünsüni çekýär.

Türkmen halyçylyk sungaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini görkezýär. Bu sungat gözbaşyny halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy we maddy medeniýetiniň däplerinden alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn syýasaty netijesinde milli mirasymyzy goramaga we ösdürmäge, halyçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmäge, halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň gadymy däplerini ösdürmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Ajaýyp çeper senetkärçiligi giňden wagyz etmek, gadymy owadan matalaryň nusgasyny saklamak bilen bir hatarda ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar.

Ozal hereket edýän fabrikleriň we önümçilik sehleriniň binýadynda täze bölümler açylýar we ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Olarda ussat halyçylaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär, senagatlaşdyrmak strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bitirilýän beýik işleriň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň netijeleridir.

 

Batyr BERDYÝEW, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.