Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

UKYP-BAŞARNYKLARYNY GÖRKEZDILER

Zehinli mugallymlary ýüze çykarmakda hem-de olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakda her ýyl döwlet möçberinde geçirilýän «Ýylyň mugallymy» bäsleşigi aýratyn ähmiýete eýedir. Kenarýaka Türkmenbaşy şäherimizdäki 10-njy orta mekdepde geçirilen bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşan mugallymlar okuwçylar bilen işjeň, interaktiw usulda multimediýa tagtasynda göreldeli sapaklary geçmek bilen, özleriniň hünär kämilligini we ýokary ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenende, şäherdäki 3-nji orta mekdebiň informatika mugallymy Aýbölek Goçowa baş baýraga mynasyp boldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 5-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Aýgül Muhammedowanyň, 2-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Ogulsona Ýaýlymowanyň, 1-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Bibisara Gummanowanyň sapagy guramaçylykly alyp baryşlaryna, okuw- -görkezme esbaplaryny ýerlikli ulanmakda we dersiň mazmunyny kämil beýan etmekde görkezen başarnyklaryna ýokary baha berildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine şäher bilim bölüminiň Hormat hatlary hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Dünýägözel Galpakowa, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.