Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HOŞALLYK DABARASY

Bi­ziň ýur­du­myz­da di­ňe bir özü­niň ha­lal zäh­me­ti bi­len be­dew bat­ly ösüş­le­ri­mi­ze go­şant goş­ýan adam­lar däl, eý­sem, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gazan­ýan et­rap­lar hem hö­wes­len­di­ri­lip du­rul­ýar. Mu­nuň üçin, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tek­li­bi bi­len et­rap­la­ryň ara­syn­da ýö­ri­te bäs­le­şik gu­ra­lyp, haý­sy et­ra­byň ýe­ňi­ji bo­lan­dy­gy­ny ýur­du­my­zyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýö­ri­te to­par kes­git­le­ýär hem-de her ýy­lyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­tanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýe­ňi­ji et­rap yg­lan edil­ýär. 2019-njy ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça şeý­le ab­raý­ly bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bol­mak bag­ty Gök­de­pe et­ra­by­nyň pa­ýy­na düş­di. Şeý­le bo­lan­soň, ýur­du­myz bo­ýun­ça dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­jiler ba­ba­tyn­da iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, 1 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy­nyň gowşu­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li 15-nji few­ral­da bu et­ra­byň Yz­gant şä­her­çe­sin­de ho­şal­lyk da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa et­ra­byň hal­ky, şeý­le-de ýur­du­my­zyň çar kün­jegin­den köpsan­ly myh­man­lar gat­na­şyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ady­na ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

«Türkmen dünýäsi».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.