Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWÜR BILEN DEŇ GADAM GOÝÝARYS

Meşhur ýazyjylaryň biriniň hakyky mugallymyň şol bir wagtyň özünde bütin ömrüniň dowamynda okuwyny dowam etdirýän okuwçydygy barada aýdanynyň dogrudygy biziň günlerimizde bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Sebäbi örän çalt depginlerde bolup geçýän özgerişlikler beýleki hünärli adamlar bilen bilelikde mugallymlaryň hem olar barada habarly bolmaklarynyň, olardan baş çykarmaklarynyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu diňe öz ugry boýunça bilimini yzygiderli artdyrmak we okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek babatynda däl-de, jemgyýetimizde bolup geçýän wakalar barada hem şeýledir. Aýratyn hem oba ýerlerinde adamlar ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler barada sowallar ýüze çykanda, mugallyma ýüz tutýarlar. Şonuň üçin hem olaryň syýasy bilimlerini artdyrmak boýunça hem maksada laýyk işleri alyp barýarys. Şu ýylyň 29-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiren maslahatymyz hem şolaryň biri boldy.

Maslahatda milli Liderimiziň iki palataly kanun çykaryjylyk ulgama geçmek bilen bagly konstitusion özgertmeleri geçirmek barada orta atan tekliplerini jikme-jik öwrendik we olaryň her biriniň üstünde aýratynlykda durup geçdik. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halk häkimiýetiniň ornuny berkitmek arkaly ilatyň bähbidini aramaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürendigini bellediler. Hususan-da, olaryň demokratik ýörelgeleri mundan beýläk hem kämilleşdirmekdäki ornunyň uludygyny nygtadylar. Sapaklarda, sapakdan daşary geçirilýän çärelerde okuwçylara döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda amala aşyrylýan özgertmeleriň maksady, olaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek boýunça öňde duran wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Azamat ABDYLLAÝEW, Köýtendag etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.