Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

UMUMY ISLEG ULY

Biziň döwrebap galla önümleri kärhanamyz hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 2013-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda işe girizildi. Döwrebap kärhanamyzda dünýäniň iň kämil tehnologiýalary oturdyldy. Kärhanamyzyň kuwwaty her ýylda 80 müň tonna uny öndürmäge hem-de 100 müň tonna dänäni saklamaga barabar. Işe girizileninden bäri kärhanamyz ýokary hilli un önümleri bilen adygyp gelýär.

Kämil daşary ýurt enjamlary oturdylan önümçilik bugdaýy gaýtadan işlemekde, ýokary hilli önüm öndürmekde tapawutly aýratynlyklaryny iş ýüzünde subut etdi. Şonuň netijesinde ilat un önümleriniň zerur bolan mukdardakysy bilen yzygiderli üpjün edilip durulýar.

Önümleriň hiline gözegçilik etmek üçin ýörite laboratoriýamyz işleýär. Çig mal hökmünde getirilýän bugdaý, şaly ýaly önümleri oňat hilli we uzak saklamak üçin amatly şertlerimiz bar. Ykdysatçy hökmünde önümlerimiziň ekologiýa taýdan arassa we hiliniň ýokarydygyny buýsanç bilen aýdyp biljek. Iş meýilnamalarymyz hem artygy bilen amal edilýär. Geçen ýylda 51 müň 336 tonna un öndürdik. Şonuň 15477 tonnasy ýokary hilli undur. Birinji hilli unumyza hem islegiň ýokarydygyny aýdasym gelýär. Geçen ýylda manny ýarmasynyň 149, tüwiniň 2689 tonnasyny öndürip, bu boýunça meýilnamalarymyzy hem artygy bilen ýerine ýetirdik.

Kärhananyň işine yhlasly zähmet adamlary üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyny hem üstünlige beslediler. Ýylyň ilkinji aýynda 4262 tonna un öndürip, meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdik. Meýilnamada bellenilen 31450 tonnanyň deregine 32619 tonna ýokary hilli un öndürildi. Ilatymyzy ýokary hilli un önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek ugrunda ýene-de yhlasly zähmet çekeris.

 

Göwher AWEZOWA, Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.