Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZEMINIŇ GÖRKI

Baharda ynsan göwni galkynyp, ruhy täzelenýär. Baglar pyntyk ýaryp, dünýämiz ak patrak deý güllere bürenýär. Ýüzi nurana enelerimiziň, hüýr-melege deňelýän gelin-gyzlarymyzyň keşbi, ene hamraklygy, zenan näzikligi, gözelligi ýaşaýşyň da- baralanmasy bolan ýaşyl ýazlara meňzeýär. Ene hamraklygyna, ene mährine, ene söýgüsine kybap ajaýyplygy ýazda tebigata mazaly jan girende has gowy duýmak bolýar.

Ene toprak ähli eşretleriň çeşmesi, ýaşaýşyň gönezligi. Ene ynsany dünýä inderýär, oňa janyndan jan, damaryndan gan bagyşlaýar. Topragyň mähribanlygy hem ene mähremligine meňzeş.

Ynsan üçin ene hüwdüsi tapylgysyz mekdep. Onuň aňyrsynda ene ýüregi gürsüldeýär. Ene ýüreginde öz balasyna bolan mähri, söýgüsi, yhlasy, umydy, arzuwy jemlenendir. Adamzat nesliniň dowamaty — perzent daragtyny ösdürip ýetişdirýändigi üçin zenanlar iň beýik söýgä hem hormata mynasyp.

Ýurdumyz gözümiziň öňünde jenneti mekana öwrülýär. Ony synlanyňda, ajaýyp bahar bilen utgaşýan ýakymly duýgular kalbyňy heýjana getirýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda şeýle asuda, abadan ýurtda enelerimiziň mährine meňzeş owadan baharyň mylaýym howasyndan dem almak her bir ynsan üçin bagt. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmez ýaýlanyň her bir gülüne, gunçasyna, otuna-çöpüne syn edeniňde, milli lybaslarymyza salynýan nagyşlar, keşdeler göz öňünde janlanyp başlaýar. Türkmen sährasynyň her güli nagyş, bu nagyşlar gelin-gyzlaryň çeper ellerinde sünnälenip, el işlerine siňip, milli lybaslaryň bezegine öwrülipdir. Gyz-gelinlerimiziň Zeminiň keşbinden alnan keşdedir gaýmalary ynsan kalbyna ganat berýär. Zenanlar al-ýaşyl lybas geýip seýrana çykanlarynda, olar bahar bilen bäsleşýän ýaly bolup, olaryň milli geýimlerindäki nagyşlaryny synladygyňça, türkmeniň topragam, tebigatam gelin-gyzlaryň ýürek mährinden, owadan hem näzik jemalyndan nusga alyp gül açýan ýaly bolup görünýär.

Zenan duýgusynyň inçeligi bilen dörän, özünde älem gözelliklerini janlandyryp duran owadan elhalylar bütin adam- zadyň bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlykdyr. Bu gymmatlyk ony döreden halkyň synmaz taryhydyr, ruhy jomartlygynyň genji-hazynasydyr.

Türkmen halysy zenanlaryň ruhy dünýäsi, gözellik älemidir. Milli halyçylyk sungatymyz mähriban zenanlarymyzyň özboluşlulygyny, gözelligini, ahlak päkligini we inçe duýgulara baýlygyny teswirleýän, içki dünýäsiniň gözelligini äçyp görkezýän esasy çeşmeleriň biridir. Häzirki bagtyýar döwrümizde halyçy zenanlarymyza mynasyp serpaýlar ýapylýar. Bu gün olar Türkmenistanyň at gazanan halyçylary, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýeleri. Halkymyzyň mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasy bolan elde dokalan halylar döwletimiziň dürli künjeklerindäki muzeýlerde, şu güne hem ertirimize gözellik nuruny çaýýar. Gelin-gyzlarymyzyň inçelik bilen döreden bu nepis sungatyny ynamly dowam etdirýän halyçy zenanlarymyz halyçylyk kärha- nalarynda, öz hojalyklarynda öndürijilikli zähmet çekýärler. Gahryman Arkadagymyzyň eli çeper zenanlarymyza goýýan sarpasy bilen zehiniň, yhlasyň, tutanýerli zähmetiň netijesinde döreýän türkmen halysynyň şöhraty günsaýyn artýar. Türkmen zenanlary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda-da uly güýçdür. Olar edaralarda, ýerli häkimliklerde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler. Zenanlarymyzyň ençemesiniň döwlet sylaglaryna, Şa serpaýlaryna mynasyp bolmagy olaryň zähmetde işjeňliklerini görkezýär. Türkmen zenanlary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda-da uly güýçdür. Olar edaralarda, ýerli häkimliklerde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler. Zenanlarymyzyň ençemesiniň döwlet sylaglaryna, Şa serpaýlaryna mynasyp bol- magy olaryň zähmetde işjeňliklerini görkezýär.

2008-nji ýylyň 3-nji martynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasy» tassyklanyldy. «Ene mähri» diýen hormatly at Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlara, şeýle hem raýatlygy bolmadyk, ýöne Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan zenanlara enäniň sekizinji çagasy dünýä inen pursadyndan başlap dakylýar. Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň Türkmenistanyň kanun- çylygynda bellenilen tertipde ýeňilliklerden peýdalanýandygy bellenilýär.

Türkmen zenanlary diýlende, ilki bilen, watansöýüji, öý-ojagyna, maşgalasyna sarpaly, pähimli, asylly, perzendine mährem, asyrlar aşyp sünnälenip gelýän el hünäriniň eýeleri göz öňünde janlanýar.

Ynsan päkliginiň binýady eneden başlanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ilkinji nobatda, çaga terbiýeleýän raýatlarymyzy iş bilen doly üpjün etmek möhümdir» diýip belleýär.

Zenanlara hormat goýmagyň ýokary nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Ene MÄMMEDOWA, Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.